Ýokarkylar we aşakylar

All cruelty springs from weakness. Seneca

Ýokarkylar bilýär nämeler bolýar,
nämeler edilýär uly jaýlarda,
garyp halka garşy, watana garşy,
aşakylar bilýär, ýaşaman ölýär,
gabrynda-da heder edip baýlardan,
puly bilen ýerde döreden arşy,
aralykda oýnaýan kän ot bilen,
ähli söwda dellal bolup dannawsyz,
adam satyp uly-kiçi, parhy ýok,
erkek bolsun, aýal bolsun, gyz bolsun,
walla, ýalňyşybam haýpy gelenok,
olaryň millete, aňkasy aşan,
üstesine bary agzy dogaly,
hudaýy, allany düşürmän dilden,
özlerine jennet gurýarlar üýşüp,
garaw görmän günde ezilýän ilden,
wada berseň, göýä, ýer ýaly süýşüp,
başyna täç edýän kim gaty azsa,
hem ýokarky, hem aşaky, ortalyk,
hemmesi agzybir ýigrenýär ýazsaň,
hakykaty, näme bolýar aslynda,
ýokarkylar bilýär nämeler bolýar,
nämeler edilýär uly jaýlarda,
aşakylar bilýär, hor-homsy ölýär,
gabrynda-da heder edip baýlardan,
dowam edýär durmuş, täzelik şunda,
bilinmeýän hiç zat galmady munda.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024