Erkek adam
Adamyň gyzyny öldüripdirler,
ynamyna girip, urup, agladyp,
hudaý eger hakykatda bar bolsa,
ýa bolmasa diňe garybyň dady,
gorasyn, saklasyn, aýatda ata,
bagty çüwüp, gyzy bolan ynsany,
eger erkek goramasa çagasyn,
alla, ýaradanda galarmy many?
Adamyň gyzyny öldüripdrler,
aýdypdyr ol üzülmänkä ne boldy,
nirde, nädip sowulanyn ýolundan,
adalaty talap etdi, sorady,
zalym oba minnet çekdi malyndan.
Adamyň gyzyny öldüripdirler,
gözi ýetýär, adalat ýok, bolmajak,
üstesine jany gaýgy gürlese,
diýmek, kişiň eli bilen urmaly,
diýmek, kişiň dili bilen urmaly,
özüň bukulmaly arkada, içip,
emma mundan näme çykar, bilmeýär,
hem bilenok pahyr ýaşap ýör niçik.