Töhmet atylanda
Ýok, özüňe atylanda bilmersiň,
otly tagan ýaly ýakyp-ýandyran
töhmetiň nähili agyr zatdgyn,
ýüzüň köýük bolsun, ýüregiň tütün,
ara ýyllar düşüp, bitişip ýaraň,
soň bilersiň görüp, tanap milletiň,
kesekä däl, atylanda özüne,
urlan ýaly goşa ýumruk gözüne,
bagyranda, gygyranda, garganda,
şyltakçyň atasyn, babasyn goýman,
heý, beýle-de töhmet bolarmy diýip,
ýetip bilse, tutup ýuwutsa doýman...
Töhmet täsin başgalara atylsa,
näçe agyr bolsa, şonça-da gowy,
entetse adamy, gözlerin gapyp,
gara gorpa ýyksa, ýolundan sowup,
içinden ýylgyrýan, gülýän gulagy,
tekerine çala-çula çöp çümse,
ýoldan uçup, tabyt bolup ulagy,
galan ýaly, erkek adam, eý, aman,
ýer ýumruklap, ýüzün açar bigüman.