Samsyk üçin ýazmasaň

The person who writes for fools is always sure of a large audience. Arthur Schopenhauer

Artur aga birçak aýdyp geçipdir,
akmak üçin ýazýan adam eserin,
bilýär mydam köp boljagyn okanyň,
suwjuk, ýuwan gep-gürrüňe aňalyp,
wada berseň bolup göz, gulak, erin,
ýüzün gara edip okan, dokanyň,
ýaşajak kän, hakykat bu şübhesiz,
akyl satan bolup, gataldyp sesin,
mesele kyn ýazsaň akylly üçin,
ýa-da gürrüň etseň delilli, açyk,
sanaşmajak bolup samsykdan gaçyp,
ne okajak bolar ýazan kyssaňy,
ne duýjak bar gara başyň heserin.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024