Iňlis nakyly

Diýýärler çagaňa terbiýe berme,
çünki bolar özüň ýaly barybir,
diýmek, özüň düzet ozalda, başda,
soň görüner näme boldy, bolmady,
ýa-da alma düşdi agaçdan daşda,
has uzaga gitdi ene-atadan,
aşak togalanyp ýelde, ýagyşda,
ýa-da durmuş tüweleýi uçurdy,
al-asmana, bulutlaryň deňine,
ýa-da atdy, ýaýdan çykan ok ýaly,
eger özüň kilim bolsaň, nakyl bu,
näçe besle, çagaň bolmaýar haly.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024