Aç adam

Adam, ili üçin durmaly bolsa,
wagty gelip, ýerden turmaly bolsa,
goramaly bolsa mertebe, aryn,
il ýüzüne öňe çykan, arassa,
wah, neresse, soňuna çen durjakdy,
nätsin bolsa tutuş milleti hassa?

Adam, hakykatda iki, üç ýüzli,
bütin ömrün ýaşan emeli, busup,
başga biri dursa, gorap gallasyn,
iki paýly bolup, aljak soň susup,
näme diýseň, göreşenmiş döş gerip,
öz yrsgalyn gorap, turana derek,
az-da bolsa biraz durana derek,
adam diňe agzy bilen göreşse,
düşün oňa az däl, ähli zat gerek.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024