Ýaşuly tejirbesi
Ulus ili böljek bolsaň ymykly,
etjek bolsaň bir-birinden kineli,
bir-birinden görýän öküzler ýaly,
gaty bolsa sürüljek ýer çakyndan,
samahyllap agzybirlik hakynda,
watan hakda, goralmaly il bolup,
talap alyp nebit-gazyn, pagtasyn,
öwüp, magtap aň-akyldan agtasyn,
akyllysyn asyp syrkyn, selmeden,
aramlaryň başyn aýlap gijeler,
bir-birine garşy salmaly günde,
mätäç saklap, egsik edip ýyl-ýyldan,
çörek bilen çaýyn tapsa zor edip,
okuwa hiç puly bolmaz ýalaky,
puly bolsa, uly bolmaz ýalaky,
bilmez ýaly okamaly nämäni,
sypal alyp, taşlar ýaly dänäni,
etjek bolsaň, walla, şu günki ýaly,
gara guma düşäp gyrmyzy haly,
bag ekmeli altyn saply pil bilen,
eziz halkym, gadyrdanlar, jan diýip,
pişik-syçan oýnamaly il bilen,
ony oňa, muny muňa küşgürip,
agzyny alardyp, gülmeli günde,
millet ezijini sylaýar beter,
bu gün ýer tapmasa, ertesi künde.