Ol aýal
Ol aýal aglaýar ýat ilde zaryn,
guly bolup kim-kimleriň işikde,
yzda galanlara iberip dollar,
diňe çaý däl, ýa çörek däl mesele,
jaý salynjak, maşyn aljak adamlar,
adamsy yzynda arzuwna ýetdi,
üstesine aýal aldy ýaşajyk,
diýýär indi gelme, eglen şo taýda,
geleýin diýse-de, açyk däl ýollar,
ol aýal, alaçsyz, saçyny ütýär,
ýat illerde sübse eden köp ýyllap,
diňe döwlet äri dönük däl eken,
dönük eken ýanýoldaşy, dogany,
goýup gaýdan çagalary köçede,
ýa keseki ogullary, bozulan,
kakalary bilen, pul gelse içip,
ol aýal ýat ildi aglaýar zaryn,
ömür barýar ýükli, geçip.