Içi urlan il

Eger iliň agysyny aglasaň,
eger ýurduň agysyny aglasaň,
agysyn aglasaň dünýäniň, walla,
derdin bilip, düzetjek däl, elbetde,
emma biraz egsip bolmazmy diýip,
aldanan adama, wezipe, baýlyk,
ýalan şöhrat üçin ylgaýan üýşüp,
başgany däl, ilki özün basgylap,
diýseň ýürek sözüň, düşüner, belki,
däli diýer akly üýtgän yzyňdan,
ýa ýylgyran bolar iň agyr hassa,
ozal ikiýüzli ene-atasy,
indi özi bolan özüne gassap,
aňyrsyna basyp çalan malyny,
ýene çapjak ilin, gaçsa-da haldan,
öz-özüni ogurladan adamlar,
ogurladan ynamyny, ynsabyn,
hakykatda ýeke galyp köplükde,
bir-birine ynanmajak hiç haçan,
içi heder, daşy heder, dermany
ýene biraz ogurlamak, gazanmak,
diýmek, dogry sözden gaçmaly mydam,
ýalan şalygynda ýaşaýan bolsa,
gaçara ýer galman hileden, aldan,
elibi gözlemez talanan içi,
medet islär baryp öňýeten daldan.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024