Ajy hakykat

Il-ulus, mähelle bozuldy uzak,
namaz okap ýa okaman, parhy ýok,
dilde alla, hudaý, niýetde duzak,
adamlar bir-birin gorkuzdy gaty,
ynanýan ýok indi hiç bir gudrata,
ýa partiýa, bolşewikler garakçy,
bir-biregi iýen jellat bolansoň,
idea ýok, arzuw öldi, jaýlanman,
galdy, belki, Bapbaň itine meňzäp,
atylan hem boýnundaky ýüpünden
dynyp bilmän, ýol boýunda, garaşyp,
emma muny aýdyp, diýip bolmaýar,
hakykaty halamaýar adamlar,
ol ajy, zäk atyljak dek agzyna,
millet gaçýar gyrgy gören serçe dek,
ýalan sözi mesge ýaly görensoň,
çöregine çalyp ir ertir, agşam,
bu goşgyny ýazdym, emma bagyşlaň,
diýiljegin bilýän gep tapdyň ýagşam.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024