Bilkastdan ýitirilen pursat

Siz çekiliň, syýasata goşulmaň,
a syýasat hakykaty zorlasyn,
zorlasyn ol ýeri, suwy, derýany,
guýulary nebit çykýan, gaz çykýan,
işçileri, daýhanlary, alymy,
geçenleri, gerek güni taryplap,
ýurdy üçin göreşenmiş, işlänmiş,
soň unudyp, ýene gerek bolýança,
siz çekiliň, sokmaň başyňyz bela,
boýdan-başa belaň içine gaçyp,
şady-horram aýdym aýdyň, tans ediň,
daşda duruň, yza galyň, kowsaňyz,
soň yzyndan ýetmez ýaly mütdetiň.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024