Gurjak adam

Puly hemme gowy görýär diýýärler,
maly hemme gowy görýär diýýärler,
at-şöhrady, wezipäni ullakan,
ýeri, suwy, göz ýetmeýän asmany,
gowy görýär adamlaryň ählisi,
goramaly bolsa, dursa-da çeke,
hemem, alla, paýlaşmak kyn baýlygy,
bölüşmek kyn adam ýaly, ynsan dek,
zähmetiňe görä, hakyňa görä,
oýun däl bu, uruş adamzat döräp,
sen adam däl, gaplaň, belki, ýaraly,
ýalamaly görünmeýän ganyňy,
hyňranmaly wagtal-wagtal içiňden,
bar men entek, diri diýýän mysaly,
öz ornuňda taýyn bolup durmaly,
sagdan, soldan, ýa arkadan urjaga,
meger şondan, gelende hem ölende,
adam ogly köp meňzeýär gurjaga.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024