Halkyň haly

Halkyň öňem işi ýokdy,
güzerana başagaý,
çörek tapsa, çaýy bolsa, soň süýji,
ýazar näme ýazýar, nämeden ýanýar,
dörediji adam nirede galdy,
teatr ýa kino nämä öwrüldi,
ýa hodožnik nädip görýär gününi,
halkyň öňem işi ýokdy, gyzynyň,
ýa oglunyň okuw, ýazuwy bilen,
goşun gullugyndan ilkinji ýazan
hatyn okap, bilip galýan, eý, alla,
sowadyny çykmanyny on ýyllap,
mekdepden soň bulap urup päpgesin,
päpgesin däl, özün galdyran dulda;
halkyň öňem işi ýokdy il bilen,
ýurdy bilen, özi bilen – ýamany,
ýaşap ölýän huşunda däl, düýşünde,
depesine çykyp çüýrük, çamany.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024