Dartgynly gatnaşyk
Arada bir ildeş duşdy, ýat ilde
ýüzi-gözi tanyş ýaly göründi,
emma doly tanamadym, elleşip,
il ugruna töre geçip oturdym,
soň tanadym, ol ozalky emeldar,
garalawçy, döwlet bilen birleşip,
ili talan, soň kowulan neşekeş,
garaşýardy, göreşseler özgeler,
ýurt üýtgese, öňki ornun aljakdy,
horlanypdyr, ik bolupdyr diýleni,
nahardan soň baryp diýdim: bagyşla,
siz pylany, tanamadym başda men,
ol ýaryldy: Ýok, men ol däl, dwoýnik,
iberdiler ekiztaýym, ýasama...
Soň köşeşdi: Ýurda gidip horlandym,
sen işden soň, belki, ýadaw gelensiň,
men bir işsiz, gaharlandym...
Dilleri bar, saňa gezek gelende,
dalajaklar, islänlerin diýjekler,
elleri bar, saňa gezek gelende,
dürtgüç alman, pyçak alman iýjekler,
geýjek olar iň gowusyn dannaman,
iň owadan jaýda ýaşajak, münjek
maşynlaryň gymmadyny getirdip,
eli gelse, döwlet golun uzatsa,
emma göreşmeli bolsa hak üçin,
maňa degmäň, aman-aman, bigüman.