Millet taýýar bolsa
Andy Warholyň äheňinde
Eger adam taýýar bolsa, ýetişse,
özgermäge, öz-özüni tapmaga,
saýgarmaga barjak ýerin göwünde,
turar hemem öz ýoluna ugrar ol,
emma ýetişmese, taýýar bolmasa,
özgermez ol, üýtgetmez ol gylygyn,
pikir etmez hatda üýtgetmek hakda,
gul etseler, aňry gitse, wah, arman,
gul etdiler diýip, geçer dünýeden,
sen oňa ýalbaryp, saçyňy ütüp,
döwdürip bilmersiň giren tabydyn,
ölmezinden kän ýyl ozal, bezenip,
gyrdyryp bilmersiň zynjyryn elde,
aýakda däl, diňe aňa aslyşan,
arslan ýaly, ýykmak üçin awuny,
eger özi islemese, adama
aýdyp, diýip, iýdirmersiň gawuny,
waharmany, gülabyny, bal ýaly,
garpyz iýer, içi düşen, tagamsyz,
a islese, saklap bolmaz, pil ýaly,
millet taýýar bolsa, ezdirmez özün,
öňün çeken bolmaz tüpbozan, däli.