Köşkädki ýalňyşlyk

Sen eşegi bezäp, besläp, ýüz ýyllap,
saklasaň-da köşgi-eýwan içinde,
şa ýa soltan bolmaz eşek diýýärler,
başynda täç bolsun, egninde jinde,
akyl gelmez akylsyza eşikden,
ýa sagatdan, başbakana mynasyp,
ýa ýüzükden, on barmagyn hatarla,
näme etse, diýme günäkär, asy,
ýeňil bolsa, ýeňil bolup galar zen,
öwgi, taryp bilen agram almaz han,
maňa näme, gitsin diýseň başaşyr,
yzynda il-güni eder ol bisan.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024