Ýagşy niýet
Baýramyňyz gutly bolsun, doganlar!
Gutly bolsun ýene dogan bir güneş,
ýat illerde, aýralykda, jigerde
çöküp galan gaýgy-gamy ýeňleden,
şükür, goly ganly şalaryň goly,
imperiýa, eli gysga, bolsa-da,
ýogsa bu baýrama ýetirjek däldi,
bu günlere çenli getirjek däldi,
baýramyňyz gutly bolsun, doganlar,
ile-güne gowy niýetli, pälli!
Dogry, dogan sözi ýukaldy bu gün,
gardaş sözi, janym meniň gardaşym,
ýüregiňi jigletse-de ýat ilde,
ynanmak kyn her doganym diýýäne,
ynanmak kyn her gardaşym diýýäne,
arkaň bolsa mazarlygy pyçaklaň,
aglap gelip, gülüp gelip urulan,
bize nämeleri öwretdi durmuş,
yza seret, san-sajaksyz gyrylan,
eli ganly imperiýa, kök urmuş,
jeset edip diri ili, sedasyz,
dilini ýitiren, ýolun ýitiren,
ýol gözläni bolup şermende, asy.
Baýramyňyz gutly bolsun, doganlar!
Gutly bolsun ýene dogan bir güneş,
saçakdaky petir, güneşe meňzeş,
niýetimiz bolsun arassa, tämiz,
sözümize görä, owadan, süýji,
bu kän boldy, bozuk özün ýok eder,
gutar bizi, belki, niýetiň güýji!