Baky ogrular

Ogry ogra goldaw berýär, goraýar
serhetlerin bir-biriniň, mukaddes,
din-imandan, barlygyndan dünýäniň,
abadan, parahat, uruşsyz uzak,
käte gazap bilen galyp ýerinden,
bir-birine gurup müň dürli duzak,
garşydaşyn tora saljak bolsa-da,
talanan mallary paýlaşyp bilmän,
olar käte düzüwlere garanda
azlyk, emma uzak saklanýar ölmän,
hatarlary jebis bolýar çen-çakdan,
gowşak ýaly görünse-de daşyndan,
aglaba il gözün ýumýar gorkudan,
alla goýup ogry-jümriň işini,
garalawçy bolmakçy däl, gürletseň,
diýýär: belki, hudaý berýär yrsgyny,
ogrular bar dünýä müň gelip-gitseň.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024