Esasy zat
Kinolarda görkezýärler biriniň,
geçip barýan mejimeli, beýlekiň
aýagyna kakyşyny duýdansyz,
geçip barýan bende ýykylýar gaty,
elindäki zatlar gaçýar, dökülýär,
badak atan gülýär: hehe-he, hehe,
ýanyndaky ýoldaşlary gülýärler,
böwrekleri böküp çykjak böwründen,
tomaşaçy, belki, olardan beter,
ýykan bilen ýykylana pyňkyryp,
gürrüň berýär görmedige kinonyň
iň ajaýyp, iň iç gyran ýerlerin,
mysal üçin, ýykylanyň äýnegi
aýagasty bolup, döwülýär niçik,
bu dereje, gelen ýeri adamyň,
näçe kitap, kino çykar, gözýetim
şol öňki ýerinde galarly gitmän,
aýaga kak, öwün ýyksaň birlerin,
tutan guşuň birçak gowurdym ütmän,
men eýle, men beýle, gygyr, hakyň bar,
esasy zat – pikir etme!