Uzaga çeken gulçulyk

Ýüz elli ýyl ýaşaýarys
basyp alan aga bilen,
palta hakyn töläp soňsuz,
durmuşy gan, gurluşy gan
imperiýa ýykylmady,
bir bize däl, köp illere,
hem özüne ýagy bilen,
gul edinip milletini,
beýnisini ýuwup günde,
gijesine hüwdi aýdyp,
ýaşaýarys, ýaşaýyş däl,
bilýän-de bar, bilmeýän-de
azaşanyn azan bilen,
eger diýseň ýol gözläli,
ýa tapaly yza gaýdyp,
nirelerde ýalňyş etdik,
saga däl-de, sola gitdik,
biläýeli diýseň, walla,
ownamalyň diýseň artyk,
gara başyň alan-aldy.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024