Sen we gul eýesi
Sen özüňi gora diýseň ildeşe,
öwren diýseň okamagy, ýazmagy,
oýlanmagy, dogry sözlem düzmegi,
eýesi, habary ýerinde mydam,
sora diýseň hak-hukugyň, düşünip,
nirede, nähili etdiler nadan,
aýagasty bolup ýatman kirşende,
adam ýaly, üstüň kakyp galmagy,
dik durmagy, eger isleýän bolsaň,
daýan diýseň goşgy ýazyp, pyşyrdap,
oýan diýseň, uklan bolýan kümsüge,
başgalaryň aýak sesin diňleýän,
ýa garaşýan sowularna dumanyň,
seniň ýakaň eli bolar döwletiň,
gullaryny çagyran dek göreşe,
hojaýyna garşy, eli ýaragly,
sen özüňe gora diýseň adama,
gaçyşyň bar, kowuşyň ýok, Görogly!