Aldanasy gelýän
Aldanasy gelýän aldanar aňsat,
bir, iki däl, köplük bolup hemişe,
kowulan ugruna gider, gaňrylyp,
yzyna ýa sag-soluna garamaz,
sorag bermez, hatda bilse-de öňde
gara gorpuň garaşýanyn görnetin,
garaşýanyn açlyk bilen horlugyň,
egsikligiň, soňy gelmez, belki-de,
eger biri turup, goýmasa başyn,
gyrmaga gandaly, aňyna urlan,
hem özüniň, hem iliniň, alaçsyz,
aldanasy gelýän sereder, durar,
baş göteren nädip urulýar, ölýär,
ýekirilýär gaçyp, başyn gutarsa,
aldanasy gelýän aldanar aňsat,
geregi şol, başyn büräp otursa.