Galamly oglanyň içgepletmesi
Döwlet äri iri, uly ogrular,
talaňçylar bilen dil tapsa gowy,
öz ýurdunda azlyk etse açgözler,
daşardan çagyrsa, uly pul sowup,
gurar ýaly gurluşykda urluşyk,
garybyň gazanjyn, iş ýerin ýapyp,
ýapar ýaly edip, küşgürip adam,
emel ýeten bolsa, uly ýa kiçi,
çöregini halal gazanmaz ýaly,
ýa gazansa, bolmaz ýaly mesgesi,
ilini entedip, göz-gülban edip,
jenaýata itse, itse ýalana,
alla oňa saýasyny salandyr,
seni baglap, belki, jonnuk galama.