Saňa bagly iş

Sen özüňe bagly işi etjek bol,
eliňden gelenin eliňden bitir,
diliňden gelenin diliňden bitir,
biliňden gelenin biliňden bitir,
aralygy sakla arasyz bilen,
arsyz bilen ara gelip, garyşma,
garaşma hiç zada gereksiz bilen,
bir gädigi saklamajak gyssagda,
ýa arkadan urjak dereksiz bilen,
ildeş bolsun, bolsun tire-taýpadaş,
ýa ýedi ýat, ýagy görýän gözüňde,
sen özüňe bagly işi etjek bol,
dur esasy özüň üçin sözüňde,
başgalara, kim bolsa-da, söz berme,
başartjak ýa başartmajak işleri,
ýa başarsaň, döwlen ýaly dişleri,
arly boljak adamlara el berip,
ýalandan ýylgyryp, ýalandan aglap,
ýaşama ýaşyňy, sylasaň ýaşyň,
bolsun ýa-da hiç bolmasyn daşyňda
başyn goýup, başyň goran gardaşyň.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024