Surat

Gowulyk et

Özüň üçin ýaşa, özge üçin däl,
gowulyk et özüň üçin, özgeler,
ýakyn ýa ýat, ikiýüzli, bahyllar,
goý, hözirin görse görsün, gysganma,
kölegede ýatyp, ýa şyltak atyp,
gülseler-de azap edýän işiňe,
sebäbi bu öňden gelýän kadadyr,
köpdür mydam tomaşaçy, akylly,
murty taban ýa jowur ak sakgally,
seret suwda akyp gelýän zatlara,
çykmadyk jan umyt eder, urunar,
akym ugry, ýa tersine, dyrjaşar,
ýapyşara sypal gözlär, el-aýak,
direg gözlär ýokardan ýa aşakdan,
emma ölen, diri bolsun, meýletin,
baş galdyrmaz, näçe bagyr, saçyň üt,
özünde ýok zady paýlaşmaz bende,
özüň üçin ýaşa, özge üçin däl,
gowulyk et hatda ölseň gürgünde.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024