Kenar hakykaty
Balagyny çyzgap, suwa girmäge
hyýal edýän agaç bilen gürleşdim,
“Yssy” diýdi, “gaty yssy”, baş ýaýkap,
beýleki agaçlar bu sözi eşdip,
baş atdylar, şagyr-şagyr şemala,
ýapraklaryn ygşyldadyp, owadan,
yzyma gaýdyşyn seretsem şindem
suwa giren bir agaç ýok, suw galyp,
derýa joşup, ýumurmasa kenaryn
girjegi-de gümana, wah, bilýärin,
emma agaç pyşyrdady ýene-de:
"Gaty yssy, suw bolmasa, ölýärin!”