Göribiň göreşi

Göribiň öýi dowzah,
aýdylan bu owaldan,
ýöne soň bolýar aýan,
köpeldikçe bahyllar,
hala erkek, ha aýal,
ýurdy dowzah olaryň,
etseler näçe hyýal.

Gaçyp çykan tutular,
ýa asmanda atylar,
zäherlärler bir-birin,
batgalykda bag ekip,
bişmez miwe satylar,
gygyrarlar: süýji, süýji,
“ýok” diýjegiň galmaz güýji.

Göribiň öýi dowzah,
aýdylan bu ozaldan,
külbesi däl ýykylma,
köşgi-eýwany dowazah,
gaçyp atan gujagy,
äri, keýwany dowzah,
dünýe dowzah bahyla,
köpeldikçe sanlary,
horlar olar özlerin
tä çykýança janlary.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2022