Iki portret

Gazanyn iýip bilmän, ymsynyp,
geýip bilmän, geýnen görse kemsinip,
şäherde, köçede ygýan erkana
turistleriň sowýan puluny sanap,
günde ölýän pahyr, gürlese uly,
ýadyndan çykaryp soňsuz zeýrenjin,
gören ýaly bolýaň zynjyrsyz guly.

Käşge tanamasaň, bilmeseň, walla,
nä günlere salýar adamy alla,
birisi tapanok, biri tapanyn,
talanlaryn ýygnap, halkasyn sallap,
dar agaç dikinýär özüne uly,
hem irkilse, bagty ýatýar düýşünde,
elinden alynyp ogurlan puly.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2022