Hudaýyň ejizligi

Diýýärler owadan ýaşlygy alla,
jomart bolýar, köp adama eçilýär,
tämiz wagty ýüzi-gözi ynsanyň,
ýüreginden uç alanda päkligi,
oňa gözüň gitmän seretmek-de kyn,
emma garrylyga gezek gelende,
unudýar hak jomartlygyn ozalky,
owadanyn gojalygyň gysganyp,
az adama berýär, içi garalyp,
gömülmänkä görki gaçan jandary,
diýermişin soňra eretmek-de kyn.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2022