Sowet intelligenti hakda hakykat

Öýüňdäki uruş, getirlen daşdan,
basyp alan alan güni ýurduňy,
dowam edýär ömrüň boýy, gutarman,
ýok, sen uruşmadyk bolýarsyň, çünki
bilmedik bolmaly, çekseň-de arman,
bu bir ýazylmadyk kanunmy, kada,
bolan bolýar her kim akylly, sada,
ýa diýýärler seniň etjek zadyň ýok,
çydamaly, uruş bolmasa bolýar,
sen diýýärsiň gowga dowam edip dur,
her gün işe gidýäň, urşa giden dek,
giçlik içden ýaralanyp, süýrenip,
ganyňy sarkyryp gelýärsiň öýe,
ýakynlaryň ylgap, suw alyp ýyly,
ýuwup-ardyp, saraýarlar ýaraňy,
taýýar bolar ýaly ertirki işe,
ýa söweşe, döwlet bilen eziji,
bagtly bolan bolup, ýylgyryp ýalan,
okadylan ak mekdepde, bilimli,
penjek geýýäň, ütüklenen balagyň,
köýnekleriň tämiz, çalşyrýaň günde,
ýöne bahyl, içe girýän dostsurap,
gözleriňden ýüregiňi okaýan,
hapalajak egin-başyň başarsa,
iň esasy adyň, gatnap ýanyňa,
akyl satar: göreşmeli, durmaly,
satlyklaryň ýazyp gabryn gazmaly!

Düşündirjek borsuň: wah, eli ýuka,
bilýärsiň-ä, ne ýeri bar, ne jaýy,
çagalary eklemeli, bolşewik
nä günlere saldy garyby, baýy,
etdi diňe dyza çöküp ölmeli...

Ertir seni çagyrarlar daýylar,
hem diýerler: samsyk bolma gülmeli!

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024