Adam bolsaň

Adam bolsaň, seni oýnan tapylar,
aşyk ýaly sülüp sagdan hem soldan,
ýülmek bol, kenek bol, gurşun guýulan,
biri seni öwüp oýnar, wezipäň,
ornuň bolsa, ýumşak damaryň tapyp,
biri seni döwüp oýnar, gazaba,
gahara mündürip, tamdyra ýapyp,
gyzan wagtyň, eger ägä bolmasaň,
adam bolsaň, iň esasy oýnatma,
ýa oýnajak bolma, akylly bolup,
görýärsiň, bilýärsiň, nämeler bolýar,
adam garyp, pakyr, armanly ölýär,
çöregini tapyp bilse zor bolup,
ýa-da çykyp ýokarlaryk, dyrmaşyp,
basgylaýar aşagyna düşeni,
öldürýär ol, öldürýänçä özgeler,
ozduranlar, belki, emeli ökde,
adam bolsaň, seni oýnamaz kimse,
ýere sokup ýa-da göterip, gökde.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024