Kinonyň soňy
Kinonyň yzyny soraýar süri,
tomaşaçy, pidadygyn bilmeýär,
bilmeýär ol ogurladýar nämesin,
hezil edýär görkezseler akjardyp,
bir bendäniň aýybyn ýa mämesin.
Ýüzi gülýär eger adam adama,
adam bolan, ýa bolmadyk o diýen,
hüjüm etse, aýdyp agza gelenin,
işi däl oň biljek bolmak kim näme,
ýa aýdyjyň çyny bilen ýalanyn.
Aýdýan aýdymynyň manysyn bilmez,
aýdym näme, agy näme, görmejek,
sesi gözel, sözi suwjuk bagşyny
depesinde göterýär il täç edip,
aşak basyp içindäki ýagşyny.
Oňa diňe boşluk gerek boşlukdan
böker ýaly günde balagyn çermäp,
many, mantyk gözlän günäkär, asy,
kinonyň yzyna garaşýar süri,
özün görjek, gara gözüň garasy.