Halk we heder
Gul eýesi nämeleri etmeýär,
islemeýär nämeleri etmegi,
meýilnama düzüp ýa-da düzdürip,
ata çykyp, ýaryş gursa ilden däl,
hatda münen atyndan hem ozduryp,
bilmeýär ol gullar aýaga galyp,
haçan, näçe azat boldy, gutuldy,
name üçin ýatyryldy gulçulyk,
dogry, käte diňe kagyz ýüzünde,
gul eýesi ezer, öwrenen gylyk,
örkleseň-de durmaz, aglak bolsa il,
basgylar ol başyn aşak egeni,
egmedigi, iki-ýeke, ýok eder,
öz-özüni basyp alan milletiň
galan işin kimsä ýetirmez heder.