Ýaşalmadyk ýaşaýyş

Işi agyr adamlaryň,
ýaşaýyşy agyr örän,
hem iýmeli, hem içmeli,
hem geýmeli ýerden ýörän,
ýöne bular ýeterlik däl,
zeýrenmeli garaşýanlar,
ajap eýýam gelmese hiç,
çünki goçak her bir dörän,
şiri boljak gülgün deräň.

At münmeli, eşek - aýyp,
bolsa maşyn, gowusyndan,
uçarlarda uçmaly ol,
gämilerde ýüzmeli ol,
kim kän alsa, ogurlasa,
kän talasa bolýar batyr,
ýöne bular ýeterlik däl,
iýenini gürrüň berip,
içenini gürrüň berip,
gürrüň berip guçanyny,
geçenini nirelerden,
ýa-da agyz beklänini,
artykmajy bilen, belki,
ýetim-ýesir eklänini,
bolanyn däl dünýä gülki,
eli gelen eder ýagyr,
garaşýanlar garaşarlar,
adamlaryň işi agyr.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024