Ykrarsyz ykrary
Kimmiş seni ykrar etjek, etmejek,
toý bagşysy ýa warsaky otarýan,
gara güni bagly sazyna, söze,
kiçi dilden bärden çykýan hemişe,
kireýine kilim kakýan bolmasaň,
aýdýan bolsaň ýüregiňi, satylyp,
jäjek alyp, döşe dakýan bolmasaň,
akymyň ugruna, çalajan ýa-da
guran agaç ýaly akýan bolmasaň,
süpürýän bolmasaň işigin kimsäň,
ýa biriniň malyn bakýan bolmasaň,
kimmiş seni ykrar etjek, etmejek,
ýazýan bolsaň, satmak üçin däl diňe,
talaýanmy öz ýurduny göz ýumup,
eli gan, ýüzi gan, seretseň siňe,
ýa talanýan, açyp bilmän gözlerin,
garap bilmän garakçynyň ýüzüne,
depderine bir zatlary belleýän,
bellän bolýan, has dogrusy, anygy,
kimmiş seni ykrar etjek, ykrarsyz,
tütäp duran içindäki ýanygy,
emma ýangyn söndüriji roly,
suwy otsuz ýere sepip oýnaýan,
özün aldap, özün öwüp, doýmaýan,
besdir indi, goýaý diýseň, goýmaýan,
kimmiş olar, diýdi biri arada:
ykrar etmelimiş birleri hökman,
ýaşan gorkup, ömür dara-direde.