Ýaşmak kompleksi
Gaýgy etseň il-günüňi, ýerini,
gaýgy etseň gözbaşlaryn, suwuny,
ekin-dikin, baglaryny sorasaň,
deňizini, daglaryny gorasaň,
ýüzüňi gizlemän, ýaşyrman adyň,
golsuz hat däl, golly makala ýazyp,
saňa satlyk diýer satylan ärler,
beýik bolan iliň gabryny gazyp,
hem jaýlanlar agyzlaryn alardyp,
olar kändir içde, daşda, ýeterlik,
iller agza ýaşmak dakyp dymanda,
susmaly bor busup ilim diýenler,
a soň hiç kim il-gününe ynanmaz,
hezil eder ili tüýdüp iýenler.