Döwülýän iliň kyssasy

Ýara salmak üçin adama bitmez,
ganar ýaly wagtal-wagtal açylyp,
uly akyl gerek däldir, megerem,
gepi gepe çatyp, ýetir, ýeterlik,
ýöne ýaralaryn bejerjek ile,
bolan bolman, belki, ýyl-ýyldan selki,
akyldan öň ýürek gerek, päl gerek,
öz ýüzüne göni garaýan ilki,
boýun alýan kimdigini özüniň,
soňra bakyp bilýän başgaň gözüne,
agzyn açman her aýdylan ertekä,
bu kyssasy ady il bolup ozal,
döwülýäniň günde ikide-ýeke,
özün ýalňyz goýup agyr söweşde,
sebäbi garadan durjakmyş çeke.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024