Adam we umyt
Kimiň näçe wagty galdy, belli däl,
ýöne işli sagadyna seretmez,
ýa sereder gijä galmajak bolup,
wagty bolmaz gykylyga, men-mene,
ýa-da bolmaz diýýän bilen sanaşyp,
bolar diýip, zaýalamaz sözüni,
düşündirjek bolmaz bolmaza gepin,
bu bir kada: biri ýer sürer hökmän,
beýlekisi gider tohumyn sepip,
müňlär diýip, umyt ölmez adamda,
döwlet öldürse-de milleti depip.