Ir begenme

Sen milleti biparhlyga,
obasyna tarapsyzyň,
bimenlige itekleme,
bisenlige itekleme,
itekleme bisanlyga,
biolluga itekleme,
aç-hor edip, edip mätäç,
türme edip tutuş ýurdy,
gaýdyp gelmez diýip yza,
ýaşan bolsa men diýip öň,
duran bolsa, urşan bolsa,
goran bolsa ýerin, ýurdun,
goý, ýeňilsin ýüz ýyllap, soň
bir gün geler, galkynar ol,
turar ýerden, silkiner ol,
çöp-çalamyn kakyp kalbyň,
öz tarapyn tutar millet,
begen, emma ir begenme,
çeker diýip baky minnet,
dogmaz oglan, içe salnan,
dogar bir gün edil Gün dek!

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024