Ömür humary

Ömür humar, ölüm humar,
oýnamaly adam bolup,
özüň bilen ilki, başda,
özüň utup, ýa utulyp,
öz-özüňe emel salyp,
öz-özüňden gaçyp, belki,
hemem bilseň, wah, gutulyp,
gutularsyň, şek ýok, biraz,
ýöne ahyr utularsyň,
gaçyp-gaçyp tutularsyň,
satylarsyň arzan, gymmat,
atylarsyň dar çukura,
nämä gerek artyk bezeg,
garaksyz, gözli sokura.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024