Özüňe kömek etjek bolsaň
Tomas Soweliň äheňinde
Sen adama kömek etmek isleseň,
aýt oňa göni dur-da çynyňy,
hakykaty, görnüp duran islese,
ne daşyny beze, ne-de içini,
ne ýuwmarla, ne-de ýumşat azajyk,
ne şeker goş, ne-de duzla azda-kän,
ajy bolsun zäher ýaly, çekinme,
dükan açyk bolsa, açyk diý dükän,
ýapyk bolsa, açyk diýip aldama,
ýöne özüň bolsaň kömege mätäç,
gyssansaň, gök çökse üstüňden aşak,
döwlet äri bolan bolýan kümsükler,
ahyry aç ölýän dünýe-mal daşap,
öýünde ýer tapman süýnere süýji,
bolanyna şükür, kanagat bilen,
hiç bir hakykata ýetmedik güýji,
bela bolsa ýurt başyna bürelen,
islänini sözle, adamyň uly
gulak bolup, erin bolup diňlejek,
soň ol batsa batga ýüzükli ýaly,
bolmaz asla düşünmedik, geňlejek.