Kesişen paralleller
Düzüwli pikiriň bar bolsa başda,
ýa ukybyň, adam ýaly ýaşara,
pikirini basyp pikiri baryň,
ýa niýeti baryň ýarajak ile,
başyna geýdirip otly tagany,
kümsük KGB-ni, ýazyjy-şahyr,
ýa žurnalist diýlen satlyk sürini
küşgürip, pikirli boljak bolmarsyň,
ýazyjy bolmarsyň ýapjalar bilen,
bary üýşüp, galamyny taşlaman,
gije-gündiz kitap ýazyp berse-de,
gülki borsuň bütin dünýä tersine,
hatda han bol, baky otur kürside,
ýöne dogry, saňa barmak çommaldyp,
senden beter boljak-da bar başarsa,
meger, päli boldy iliň gapany,
aňyrsyn oýlaman urýarka harsy.