Taňrydan haýyş
Alla, gora, dogrudanam bar bolsaň,
gahar etme, geçir käte gümanym,
sebäbi talanýan illeri görüp,
görüp ýarag alan azgynyň çozup,
goňşusynyň nädip dökýänin ganyn,
ýa-da emel ýeten, özünden ozup,
senden medet tapyp, saýlansa hany,
gözi şerden açylmadyk milletiň,
nädýänini halky çykýança jany,
gora halas etjek, bagtly etjekden,
kommunistden ýa-da yzyn tutandan,
arak içýän ýa-da namaz okaýan,
hajy bolan bolsa, gora, has beter,
ymam bolsa, aýlyk alyp döwletden,
gora, allam, kazy-kelan bolandan,
düzüw bolan bolup, para alandan,
töhmet atsa, sözi geçýän has gowy,
ordenli, medally satlykdan gora,
haýynlardan gora, hakyny soran,
çynyny aýdany itden çykarýan,
taňrym, gora, dogrudanam bar bolsaň,
ýa-da olar senem itden çykarýar.