Gülkünç agy
W.Wysotskiniň äheňinde
Gülkünç bu, hem düşünemz ýaly däl,
ýakyn-ýadyň ýüz-gözüne seredip,
sen olaryň ýadyndamy, dälmi ýa,
sen olaryň ýanyndamy, dälmi ýa,
biljek bolup, many gözläp kösenmek,
bimany, bigäne ýüzlere bakyp,
bakyp boşap galan gara gözlere,
guýy ýaly birçak çekilen suwy,
gülkünç bu, aglamaly oturyp,
her niçik, giç dälkä bileniň gowy.