Özüne garşy işleýän il

Eger garşy dursaň zulum-süteme,
niýetiňi, mamladygyň bilerler,
hem bilerler garşydaşyň niýetin,
talan, ezen bolsa ili, ymmaty,
emma seni goldamazlar gyssanyp,
ýa gorkudan, ýa gysganyp adyňy,
ulalmasyn diýip, ulalman galyp,
ýa-da bergi diňe alan puluňy
yzyna gaýtarmak hasaplar olar,
emma haýyr işi, azu-kän, ömür,
belki günde gaýtarmaly, bilmezler,
ýa etmezler bilseler-de bek muny,
şonuň üçin gol uzadaýn az ile,
hatda özi tölese-de muzduny.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024