Adamlaryň parhy

Birlerini sakla gara zyndanda,
gözenekden görünmesin gün hatda,
ýyldyzlary sanap, almasyn lezzet,
aýy-güni saklap bilmesin ýatda,
pikir eder, okar tapan zadyny,
öz içine sümer, uçar daşaryk,
hyýalynda saklajak ýok zynjyrlap,
adam özün özleşdirer, üýtgeder,
tümmek edip çykar özüni depä,
has aňyrrak seretjekdir, görjekdir,
düýnküsinden biraz boljak akylly,
bu günkiden biraz beýge galjakdyr,
başgasyny gezdir dünýä, jahana,
mator-maşyn, uçar ýa-da gämili,
şol durşuna galar, üýtgemez jinnek,
hem ýigrener iň esasy kämili.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024