Mellegiň oty
Sen adamy sylap, saçagyň ýazyp,
duz-çörege, ojagyňa çagyrsaň,
a ol gelse goltugyna daş alyp,
hem gidensoň agşamara hoşlaşyp,
daşdan daşlap, birki aýnaňy döwse,
soň eşitseň, eden işini aýdyp,
onda-munda döşe kaksa, öwünse,
belki, hemmeleri özüne osup,
gahar edip, çişirme hiç ýüregiň,
ýigrenme-de ýigrenýäni özüni,
güýji ýetmän götermäge hormatyn,
gaýdyp derwezäňi açma, getirme,
gynanmasyn görüp mellegiň otun.