Surat durmuşy
Güni, güzerany agyr boldukça,
ýykyldykça ynam, ykrar aşaga,
surat bolup bezemäge sütemi,
ýa ýapmaga üstün zulumyň soňsuz,
hyzmat etjek ýaşuly kän sakgally,
eneler kän, ak gar ýaly başlary,
baýdak ýaly gelinler kän, gyzlar kän,
ýigitler kän, tans etmäge ilgezik,
bükülip, epilip, bagtly hamala,
çagalar kän, bilip, görüp dursa-da,
ilki, meger, öz gözüne çöp atyp,
etek bilen ýapyp günüň öňüni,
bütin dünýä hile saljak, al saljak,
geý diýlenin geýip gelip, gijikmän,
diý diýlenin diýip bilip gypynçsyz,
pikir etmän haçan, nirede galjak,
näme bolup, zyýanyna özüniň,
raýat köpelýär erbet boldukçy,
çuňlaşdykça gulçulygyň kökleri,
gul edene hyzmat etjek ýadaman,
üstesine uýan boljak hudaýa,
nämemiş, imandan aýrarmyş güman.