Boşuň artykmaçlygy

Boş adamlar, tüweleme, edenli,
ýetişikli bolýar dola garanda,
olar bilýär samsykdygyn köplügiň,
alada galmaýar ynanmaz diýip,
aýtsam, diýsem ýapa degmez sözleri,
ýa-da alsam agzyndaky çöregin,
açyk gider bu dünýeden gözleri
diýip, ýatyp bilmän, öz-özün iýip,
alada etmeýär akmagy asla,
şondan olar öňün çekýär arkaýyn,
bozulan milletiň, halasgär bolup,
bilmese-de sagy bilen çepini,
a dana, utanýar bolşundan iliň,
eşitmedik bolup ýöntem gepini.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024