Syýasat we adam
Biri aty syýasata getirdi,
biri iti syýasata getirdi,
beýleki getirdi haly-kilimi,
keçäni getirdi, getirdi saçak,
pişme bilen çapadyny apalap,
alajasyn örüp geldi eneler,
tahýa geldi, telpek geldi, sakgally
ýaşulular geldi ýaşyň soňunda
alyp, ýolup bolmazmyka umydy,
garny, gözi çaý-çörekden doýmadyk,
tamdyr gyzsa gelip, köýnek-balagyň
bitin kakmak üçin nobata duran,
urşy gören ýa-da soňky çagalar,
geçirewer, galat aýtsam, ene ýer?!.
Dutar geldi, gyjak geldi, saz geldi,
bagşy geldi, ozan geldi, az boldy,
şahyr geldi, Lenin babaň agtygy,
atasyny çalyşmaga ilgezik,
göhi geldi iň ýokaryk çykanyň,
ýene näme diýsem, getiriň diýdi,
näme aýtsam, diňläp oturyň diýdi,
etdiler diýenin, diýmediklerin,
düýşüne girmedik zatlaryn hatda,
wah, kütekdi, bir tymasaly, setiri,
ýüz gaýtala, saklap bilmezdi ýatda,
kyssa ýazyp, goşgy goşup berdiler,
millete gyş, aňzak boldy giň jahan,
ala-böle bir adama ýaz boldy.
Biri syýasata getirdi eşek,
biri syýasat getirdi duşak,
biri nogta, biri gamçy getirdi,
dürre bilen üzeňňiden geçirdi,
beýlekisi alyp geldi düýesin,
köşegin bagyrdyp, berdiler aja,
iň ullakan wezipeli, doýmajak,
gurjak boldy, gurjak etdi barçany,
il-gün üçin çöpi çöpe goýmajak,
ikiýüzli bolsa, gözledi tapdy,
a soň ogurlady, talady diýip,
aýyp açýan bolup, öz aýbyn ýapdy,
goran bolup göýä il-günüň gorun,
syýasata getirdiler bar zady,
galmaz ýaly, belki, adama orun.